Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary Işewürler geňeşini döreder

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary Işewürler geňeşini döreder

Hytaý hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Işewürler geňeşiniň döredilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Sinhua habarlar gullugy Hytaýyň Halkara söwdany ösdürmek komitetiniň wekiline salgylanyp habar berdi.

Işewürler geňeşini döretmek dabarasynyň 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek Hytaý — Merkezi Aziýa sammitiniň çäginde boljakdygy bellenilýär.

Habarda dabaralara energiýa, gurluşyk, logistika, azyk, maglumat we aragatnaşyk ýaly esasy ugurlary öz içine alýan pudak birleşikleridir kärhanalarynyň 400-den gowrak wekiliniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, HHR-iň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý Serdar Berdimuhamedowa Si Szinpiniň Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,7 milliard dollar kömek berer
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HYTAÝ FORMATYNDA KÖPTARAPLY GEŇEŞMELERIŇ USULLARYNY DÖRETMEGI TEKLIP ETDI