Hytaýda üç müňden gowrak adam ýangyn sebäpli öýlerinden göçürildi

Hytaýda üç müňden gowrak adam ýangyn sebäpli öýlerinden göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatarynda möwç alýan tokaý ýangynlary sebäpli üç müňden göwrak adam öz ýaşaýan ýerlerinden göçürildi diýip, Kazinform habar berýär.

Ýangyn geçen annada Syçuan ülkesiniň daglyk ýerlerinde başlady, ýerli häkimiýetler howply çäkden 10-dan gowrak obanyň ýaşaýjylaryny göçürdiler.

Häzir ülkäniň üç ýerinde güýçli tokaý ýangynlary dowam edýär. Olary öçürmek üçin 500 adamdan we sekiz dikuçardan ybarat topar hereket edýär. Bu ýere düzüminde 1038 adam bolan milli ýangyn-halas ediş topary hem geldi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan 1 milliard kub metr töweregi süýşgün suwy Hazara ugratdy
Gazagystana göni maýa goýumlary rekord derejä ýetdi
Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi öwreniler
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Her bäşinji belgiýaly harytlary daşary ýurtdan satyn alýar
Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar