Hytaýda ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine medal ýerine sygyr we towuk gowşuryldy

Hytaýda ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine medal ýerine sygyr we towuk gowşuryldy

Hytaýda ýarym marafon ylgawynda ýeňijilere medallaryň ýerine sygyr we towuklary teklip etdiler diýip, Asia One neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Ýagny Nong'an Taipingchi Ice and Snow ýaryşynyň guramaçylary türgenleri sylaglamakda adaty bolmadyk çemeleşme barada yglan etdiler. Birinji orny eýelän sygyr, beýleki türgenler bolsa, ýabany balyk, gaz ýa-da towuk alyp bilerler. Bu has köp adam çekmek hem-de ýerli oba hojalyk önümlerini wagyz etmek maksady bilen edildi.

Ýaryşyň guramaçylary baýraklaryň özüne çekijidigine hem-de türgenleriň öz sylaglaryna buýsanjakdyklaryna ynanýarlar.

Bu täzelik Hytaýyň sosial ulgamlarynda uly seslenme döretdi. Internet ulanyjylar eger ýeňiji daşary ýurtly bolsa, sylag alan sygry üçin hem otla petek almagyň gerekdigini ýazyp, degişýärler.

Ýene degişli makalalar

38 ýaşly hytaýly zenan ýadandygy üçin garrylar öýüne göçüp bardy
Paýtagtymyzda FAO-nyň “Bitewi saglyk” maksatnamasyna bagyşlanan okuw-türgenleşigi geçirilýär
“Amazon” “Palm Checkout” ulgamyny işe girizdi
“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy
Marsyň topragynda ösüp biljek ösümlikler anyklandy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy