Hytaýdaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde azyndan 6 adam ýaralandy

Hytaýdaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde azyndan 6 adam ýaralandy

Hytaýyň günortasynda geçen hepdäniň ahyrynda täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde azyndan 6 adam ýaralandy.

Şaoguan şäherinde dereksiz ýiten hökmünde hasaba alynan 6 adam bilen Sinýuan şäherindäki 5 adamyň gözleg işleri dowam edýär.

Resmiler tarapyndan berilen beýanatda, ýurduň günortasyndaky Şaoguan, Guançžou, Heýuan, Çžaosin, Sinýuan, Maýçžou we Hueýçžou şäherlerinde ýaşaýan azyndan 82 müň 500 adamyň ewakuasiýa edilendigi bellenip, 36 binanyň dolulygyna ýumrulandygy, 48 bina bolsa agyr zeper ýetendigi mälim edildi.

Aşa ýagan ýagyşlaryň täsirli bolan sebitlerde takmynan 19,4 million dollar derejesinde zyýan çekilendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda iri söwda ýarmarkasy geçýär
Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Hytaýda howa şarlaryndan Beýik Hytaý diwaryny ýasadylar
China Southern Airlines Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlara täzeden başlaýar
China Southern Airlines 25-nji aprelden Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlary ýola goýar
Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy