Hytaýdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Hytaýdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýerli dolanşykdan berilen beýanata görä Gansu welaýatynda 113 adam, goňşy Çinghaý welaýatynda 18 adam ýogaldy.

Hytaýyň Ýer titreme tory merkezi 18-nji dekabr güni gije güýç merkezi Şençžen Baoan Donsýan we Salar awtonom etraby bolan 6,2 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny habar beripdi.

Ýer titreme sebäpli 2 welaýatyň serhede ýakyn bolan zolagynda köp sanda öý ýumruldy, suw we elektrik geçirijilerine, transport infrastrukturasy bilen aragatnaşyk torlaryna zeper ýetdi.

Ýer titremede 1000-den gowrak adam ýaralandy, zeper ýeten ýaşaýyş ýerlerindäki 87 müň adam howpsuz ýerlere göçürildi.

Möwsümleýin sowuk howa tolkunynyň täsir ýetiren sebitde howanyň sowuklyk derejesiniň -14 gradusa ýetmegi gözleg we halas ediş işlerini kynlaşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýdaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi
Hytaýdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň binagärlik keşbine ýokary baha
BAF Hytaýy dünýä birikdirýär
90 ýyllyk “La Liga”