Hytaýdaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi

Hytaýdaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi

Ýerli dolanşykdan berilen beýanata görä ýer titremäniň täsir ýetiren goňşy Çinghaý welaýatynyň Donghaý etrabynda ýer süýşgüniniň netijesinde ýeriň aşagynda galan ýene-de 1 adamyň jesedi tapyldy.

Şeýlelik bilen ýer titremede ýogalanlaryň sany Gansu welaýatynda 117 adama, goňşy Çinghaý welaýatynda 32 adama ýetdi.

Hytaýyň Ýer titreme tory merkezi 18-nji dekabr güni gije güýç merkezi Şençžen Baoan Donsýan we Salar awtonom etraby bolan 6,2 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny habar beripdi.

Ýer titreme sebäpli 2 welaýatyň serhede ýakyn bolan zolagynda köp sanda öý ýumruldy, suw we elektrik geçirijilerine, transport infrastrukturasy bilen aragatnaşyk torlaryna zeper ýetdi.

Ýer titremede 1000-den gowrak adam ýaralandy, zeper ýeten ýaşaýyş ýerlerindäki 87 müň adam howpsuz ýerlere göçürildi.

Ýene degişli makalalar

Hytaýdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Hytaýdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň binagärlik keşbine ýokary baha
BAF Hytaýy dünýä birikdirýär
90 ýyllyk “La Liga”