Hytaýyň awtoulag şaýlary Türkmenistanyň üstünden Eýrana iberiler

Hytaýyň awtoulag şaýlary Türkmenistanyň üstünden Eýrana iberiler

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen we eksporta iberilen awtoulag şaýlary Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly daşalar. Gazagystanyň demir ýol edarasynyň berýän habaryna görä, awtoulaglaryň şaýlary, dürli görnüşli enjamlar ýüklenilen, her biri 40 fut bolan 50 sany konteýnerden ybarat bolan otly Hytaýyň Jingan demirgazyk-gündogar stansiýasyndan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça iberildi.

Gazagystan Express multimodal operatory tarapyndan amala aşyrylýan ýükli otly Gazagystanyň Altynkol we Bolaşak serhet geçelgelerinden geçer, soňra eýran-türkmen serhedindäki Inçeburun bekedinden barmaly ýerine — Eýranyň Jolfa bekedine barar.

Bellenilişi ýaly, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly harytlary daşamak deňiz ýollaryndan has çalt we amatly. Şeýle-de ýükleri howpsuz ýagdaýda eltmegiň wagty iki esse azaldy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
22 ýyl mundan öň ýiten hindistanly öýüne dolandy
“Türkiýäniň Terrora Garşy Özüni Goramak Hukugy Bar”
Türkmenistan Pakistanyň elektrik energiýa we tebigy gaz zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler
Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny