Hytaýyň ilkinji raýat kosmonawty, orbitadaky adamlaryň sany rekord derejä ýetdi

29-njy maýda Hytaý “Shenzhou-16” kosmos gämisi bilen üç kosmonawty özbaşdak guran kosmos bekedine iberdi. Üç agzaly ekipažyň arasyndaky Beýhan uniwersitetiniň professory Çžu Ýançžu ýurduň kosmosa iberen ilkinji raýat kosmonawty boldy.

Ekipaža mundan ozal üç gezek kosmosa çykan 56 ýaşly Szin Haýpen serkerdelik etdi.Olaryň ýany bilen 36 ýaşly Žu Ýanžu hem kosmosa gitdi.Hytaýyň geçen ýyl özbaşdak guran “Tiangong” atly kosmos bekedi üç ekipaž üçin niýetlenip, olar alty aýdan nobatyny çalyşýarlar.

Bu üç kosmonawt “Shenzhou-15” gämisi bilen alty aýdan bäri beketde işleýän ekipažyň ýerine geçer.Hytaýyň üç bölekden ybarat bolan kosmos bekedi 2021-nji ýylyň aprel aýynda gurlup başlandy.

Geçen ýylyň ahyrynda taýýar bolan bekedi gurmak üçin jemi 11 uçuş amala aşyryldy.

Kosmosdaky adamlaryň sanynda rekord

Mälim bolşy ýaly Ýeriň orbitasynda Halkara Kosmos Bekedi hem bar.Hytaýly kosmonawtlaryň uçurylmagy bilen “Tiangong”-daky kosmonawtlaryň sany wagtlaýynça alta ýetdi.Häzirki wagtda adatça alty ekipažy bolan Halkara kosmos bekedinde hem myhmanlar bar.

Golaýda halkara kosmos bekedine hususy syýahatyň çäklerinde dört adam – Saud Arabystanyndan iki (biri zenan), NASA-nyň bir astronawty we bir amerikan işewüri gidipdi.Halkara kosmos bekedinde bolsa (69-njy ekspedisiýa) jemi 7 adam üç rus kosmonawty, üç amerikan astronawty we Birleşen Arap Emirliklerinden bir astronawt bar.

Hususy syýahat bilen kosmosa giden dört astronawt 30-njy maý güni “Crew Dragon” gämisi bilen yzyna dolandy. Şeýlelikde, gysga wagtlygyna Ýeriň orbitasyndaky adamlaryň sany 17-ä ýetdi. Bu astronawtlaryň arasynda kosmosa çykan ilkinji saud arabystanyly zenan Raýan Barnawi şol birwagtyň özünde kosmosa çykan 600-nji adam hökmünde hem adyny ýazdyrdy.

Ýeriň orbitasyndaky mundan ozalky rekord 2021-nji ýylyň sentýabrynda hasaba alnypdy. Şonda orbitadaky adamlaryň sany 14-e ýetipdi.

Ýene degişli makalalar

Si Szinpin internetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Si Szinpin: sanly söwda global ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrüler
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
04.07.2019 | Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýaşaýjylary türkmen jigitleriniň sungaty bilen tanyşýarlar