Si Szinpin internetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

Si Szinpin internetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

Hytaý internetde garaşsyzlyga we dürli ýurtlarda internedi ösdürmegiň ýollaryna hormat goýmaga çagyrýar. Bu barada Hytaýyň Başlygy Si Szinpin ýurduň Uçžen şäherinde geçen Bütindünýä internet-maslahatyna gatnaşyjylara wideo arkaly ýüzlenmesinde aýtdy diýip, Izwestiýa ýazýar.

Biz howpsuzlyk we elýeterlilik, has parahat hem goragly kibergiňişlik üçin çykyş edýäris. Internet garaşsyzlygyna we her bir ýurtda internetiň ösüşine hem-de dolandyrylyşyna hormat goýuň. Kibergiňişligiň halkara düzgünlerini berjaý ediň we kiber-agalyga gatnaşmaň diýip, Szinpin nygtady. Ol şeýle-de şahsy maglumatlaryň goraglylygyny berkitmäge çagyrdy.

Szinpiniň sözlerine görä, Hytaý ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Emeli aňy dolandyrmak boýunça ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga we emeli aňyň howpsuz ösüşine ýardam bermäge taýýardyr.

Bütindünýä internet-maslahaty Hytaýyň Çžeszýan ülkesiniň Uçžen şäherinde dowam edýär, ol 10-njy noýabrda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Si Szinpin: sanly söwda global ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrüler
Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar
Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Hytaýda bir aýyň dowamynda ilkinji gezek ýurduň içinde ýekeje-de koronawirus hadysasy hasaba alynmady
Ilkinji ýük otlusy yzyna dolandy