Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar

Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar

Şu ýyl Hytaýda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşlaryna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berdi.

Has takygy, Aziýa oýunlarynyň kuraş ýaryşlarynda Türkmenistanyň toparyna Muhammet Gurbanow (agramy 66 kg çenli), Işanmyrat Ataýew (90 kg çenli), Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa (ikisi-de 52 kg çenli) we Jahan Muhammedowa (78 kg çenli) wekilçilik ederler.

Neşiriň Türkmenistan Kuraş federasiýasynyň wekillerine salgylanyp berýän habaryna görä, türkmen ýygyndysy Aziýa oýunlaryna we şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna Gyrgyzystandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen taýýarlyk gördi.

XIX tomusky Aziýa oýunlary şu ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Hytaýyň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Hançžou şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş 2023: türkmen türgenleri ilkinji iki finalda iki kümüş medal gazandylar
Kuraş 2023: Dinara Rozykulowa güýçli garşydaşyndan üstün çykyp, adyny finala ýazdyrdy
Kuraş 2023: Sanjar Abdyrahmanow hem finala çykdy
Kuraş 2023: ilkinji medalçy Gülşat Annaýewa