Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi

Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi

​China Aviation Industry General Aircraftkompaniýasy Çžeszýan welaýatynda HHR-de ilkinji gezek AG60E elektrouçarynyň barlag uçaryny amala aşyrdy. Bu barada Xinhua agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

​Uçar bir hereketlendirijili AG60 howa ulagynyň modifisirlenen görnüşine eýedir. Onuň uzynlygy 6,9 metr bolup, ganatlarynyň ýaýylyş gerimi 8,6 metre barabardyr. Elektrik uçarynyň iň ýokary tizligi sagatda 185 kilometre ýetýär.

​Işläp düzüjiler AG60E howa ulagynyň ilkinji uçuş synagyndan üstünlikli geçmeginiň Hytaýyň awiasiýa pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyrdygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Si Szinpin: sanly söwda global ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrüler
Si Szinpin internetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Hytaýda bir aýyň dowamynda ilkinji gezek ýurduň içinde ýekeje-de koronawirus hadysasy hasaba alynmady
Ilkinji ýük otlusy yzyna dolandy