Si Szinpin: sanly söwda global ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrüler

Sanly söwda umumy ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrülip biler we dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine täze itergi berer diýip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň “Global Digital Trade Expo” sergisine gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

– Häzirki wagtda global sanly söwda çalt ösüşleri başdan geçirýär we halkara söwdasynda eýýäm täze açyk ugra öwrüldi diýip, Si Szinpin Global sanly söwda sergisine gatnaşyjylara ýüzlenip aýtdy.

Hytaýyň Başlygy soňky ýyllarda Hytaýyň halkara söwda-ykdysady düzgünleriniň ýokary ülňülerine goşulyp, sanly söwda dolandyryş ulgamyny döredendigini, kämilleşdirendigini, sanly söwdanyň özgertmelerini, innowasiýalaryny we ösüşini öňe sürendigini we hemişe dünýä üçin täze mümkinçilikler döredýändigini aýtdy.

Si Szinpin bütin dünýäde internetiň peýdalaryny artdyrmak üçin tagallalary gaýgyrmazlyga çagyryş etdi.

-Ähli taraplar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, netijeleri bilelikde ösdürmek we peýdalanmak, şeýle-de sanly söwdany umumy ösüş üçin täze hereketlendirijä öwürmek we dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergi bermek maksady bilen bilelikde işlemek üçin “Global Digital Trade Expo” platformasyndan doly peýdalanyp bilerler diýip umyt edýärin diýip, Hytaýyň Başlygy belledi.

Global sanly söwda sergisi Hytaýyň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Hançžou şäherinde 23-27-nji noýabra aralygynda geçirildi. 15 müň satyn alyjy, 68 halkara guramasy we işewür birleşigi sergä gatnaşmak üçin hasaba alyndy. 100 müň inedördül metr sergi meýdanynda jemi 800 kärhana öz önümlerini hödürledi.

Ýene degişli makalalar

Si Szinpin internetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar
Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Hytaýda bir aýyň dowamynda ilkinji gezek ýurduň içinde ýekeje-de koronawirus hadysasy hasaba alynmady
Ilkinji ýük otlusy yzyna dolandy