Ilkinji ýük otlusy yzyna dolandy

Hytaý Halk Respublikasy bilen Beýik Britaniýanyň arasynda ýola goýlan ýük otlusy yzyna dolanyp geldi.Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berdi.Şu ýylyň 10-njy aprelinde Beýik Britaniýanyň London şäherinden ugran otly 29-njy aprelde Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Iu şäherine bardy.

Otly 32 wagondan ybarat bolup, onda dürli içgiler hem-de geljekki eneler üçin harytlar bar. Ýük otlusy 12 müň kilometrden gowrak menzil aşyp, 7 döwletiň üstünden geçdi.Mundan ozal, 34 wagondan ybarat otly Hytaýdan bat alyp, Londona barypdy we Ýewropanyň iri ýurdunyň paýtagtyna takmynan 5 million dollar möçberinde haryt äkidipdi.

Ýene degişli makalalar

Aziýa oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Si Szinpin internetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Si Szinpin: sanly söwda global ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrüler
Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi
Tirannozawryň näbelli görnüşi