Soňky gezek Mank” filmine režissýorlyk eden ussat režissýor Dewid Finçeriň täze kinosynda belli aktýor Maýkl Fassbender surata düşer. “Mank” filmi bilen 6 ýyldan soň kino sungatyna dolanan režissýor täze filmini fransuz komiksleri, has takygy, Aleksis Nolentiň “The Killer” atly çyzgyly romany esasynda ekranlaşdyrylar.
Netflix-iň garamagynda surata düşüriljek filmiň ssenarisini Andrýuw Kewin Walker ýazar.Ol Dewid Finçeriň 25 ýyl ozal surata düşüren meşhur “Se7en” filminiň ssenarisini hem ýazypdy.
Filmiň surata düşüriliş işleriniň haçan ýola goýuljakdygy we prokata çykjakdygy häzirlikçe anyk däl.
The post Iki ussat bir filmde appeared first on Zaman Türkmenistan.
