Ilham Aliýew Dostluk ýatagyny özleşdirmek boýunça Ähtnamany tassyklady

Ilham Aliýew Dostluk ýatagyny özleşdirmek boýunça Ähtnamany tassyklady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Dostluk ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklady. Resminama Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi sahypasynda ýerleşdirildi.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, Dostluk ýatagynyň ätiýaçlyk gory 50 million tonna nebit möçberinde bahalandyrylýar.Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna 21-nji ýanwarda Aşgabatda gol çekildi. 22-nji fewralda Azerbaýjanyň Milli Mejlisi özara düşünişmek Ähtnamasyny tassyklady.

Azerbaýjan habar beriş serişdeleriniň bellemegine görä, Dostluk uglewodorod ýatagynyň baýlyklarynyň 30%-iniň Azerbaýjanyň we 70%-iniň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar. Ýatagy özleşdirmek işine Lukoýl rus kompaniýasy hem gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi Hazardaky Dostluk ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Stepan Guržiý “Lukoil”-yň ýolbaşçysynyň Türkmenistandaky wekili wezipesine bellenildi
Türkmen baş diplomaty (prezidentiň ogly bilen) rus kärdeşi bilen gepleşik geçirer
Lukoýlyň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi