Ilkinji gezek

Ilkinji gezekGermaniýanyň çempiony “Bawariýa” topary geçen hepdede Çempionlar ligasynyň çäklerinde PSŽ-den 30 hasabynda asgyn geldi.Bu ýeňlişden soň, nemes klubunyň ýolbaşçylary tälimçi Karlo Ançelottini wezipesinden boşatdy.

Italiýaly tälimçi şol oýunda öňki klubunyň garşysyna Hummels, Robben, Riberi, Rafinýa ýaly esasy düzümiň oýunçylaryny ätiýaçda oturdypdy.Netijede, tejribeli tälimçi “Bawariýada” 2-nji möwsüminiň başynda wezipesinden gaýtmaly boldy. Şeýlelikde, 58 ýaşly tälimçi ilkinji gezek möwsüm tamamlanmanka wezipesinden boşadyldy. Ýewropanyň öňdebaryjy 4 çempionatynda (5-sinde-de işledi) çempionlyk gazanan ýeke-täk tälimçi adynyň eýesi Ançelottiniň ornuna “Bawariýa” toparyna wagtlaýynça onuň kömekçisi, fransiýaly ozalky futbolçy Willi Sanýol tälim berer.

Metbugatda çykan habarlara görä, “Borussiýa Dortmundyň” ozalky tälimçisi Tomas Tuheliň ýa-da köne tälimçileri Ýupp Haýnkersiň bu wezipä bellenmegine garaşylýar.Ançelotti “Bawariýa” toparyna 2 Germaniýa Super kubogy bilen 1 “Bundesliga” çempionlygyny gazandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Pep we onuň şägirtleri (makala)
“Real Madrid” 5 minutda finala çykdy
Çempionlar Ligasynyň ýeke-täk hojaýyny “Real Madrid”
Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy
Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy
Real: Mbappe bolmasa, Jesus
Real täze hüjümçileri satyn almaz