Ilkinji OLED telewizoryny çykardy

“Huawei” kompaniýasy ilkinji OLED telewizoryny tanyşdyrdy. “Vision Smart TV X65” diýlip atlandyrylan 4K durulygyndaky telewizoryň ululygy 65 dýuýma barabar.Kompaniýanyň özüniň işläp taýýarlan “Harmony OS” amaly ulgamynda işleýän “akylly” telewizor daşky dizaýn babatda hem owadanlygy bilen tapawutlanýar.

Telewizoryň çarçuwasy insiz, özi ýuka we aýaklary kiçi. 24 megapiksel durulygyndaky kamera bolsa, wideojaňlar üçin niýetlenipdir. Şeýle hem kamera sensory el hereketleriň arkaly buýruklary kabul etmek üçin hem peýdalanylýar. 14 sany ses gataldyjysy bolan telewizor örän dury ses çykarýar.

Bahasy 3500 dollar boljak telewizoryň satuwa çykaryljak wagty mälim edilmedi.

Ýene degişli makalalar

“CES 2019”: geljegiň tehnologiýasynyň duşuşýan ýeri
Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady
Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Iň gowy ekran iPhone 12 Pro Max
ZTE şereketi iki sany täze smartfony Blade 20 Pro 5G we Axon 20 4G bilen tanyşdyrdy
Apple tizligini artdyrdy