ZTE şereketi iki sany täze smartfony Blade 20 Pro 5G we Axon 20 4G bilen tanyşdyrdy

ZTE şereketi iki sany täze smartfony  Blade 20 Pro 5G we Axon 20 4G bilen tanyşdyrdy

Hytaýyň smartfon öndürijisi ZTE ozal elýeterli 5G smartfony ZTE Blade 20 5G-ni we dünýäde kamerasy ekranda oturdylan ilkinji smartfon bolan ZTE Axon 20 5G-ni resmi taýdan hödürläpdi. Indi bolsa, Blade 20 5G-iň kämilleşdirilen görnüşi bolan Blade 20 Pro 5G we Axon 20 5G-iň 4G görnüşi bolan Axon 20 4G smartfonlary bilen tanyşdyrdy.

Orta ýokary segmentdäki iň meşhur prosessorlaryň biri bolan Qualcomm-yň Snapdragon 765G görnüşi bilen işleýän ZTE Blade 20 Pro 5G-de 6 GB-lik RAM göteriji we 128 GB-lik maglumat saklaýjy ýat bar. 6.52 dýuýmlyk

HD + IPS LCD ekrany bolan bu enjam, 4000 mAh batareýasyna bir gezek berlen zarýad bilen bir gün ulanmaga mümkinçilik berýär.

ZTE Blade 20 Pro 5G smartfony şu aşakdaky tehniki aýratynlyklara eýedir:

• Prosessor: Qualcomm Snapdragon 765G • RAM göteriji: 6 GB • Maglumat saklaýjy ýat: 128 GB • Ekran: 6.52 dýuým HD + IPS LCD • Yzky kamera: 64 MP + 16 MP + 8 MP + 2 MP • Öňki kamera: 20 MP • Batareýa: 4000 mAh

5G modeli bilen birmeňzeş dizaýny bolan ZTE Axon 20 4G smartfony görüş nukdaýnazaryndan ulanyjylara hiç hili tapawut hödürlemeýär. Qualcomm ýa-da MediaTek prosessorlarynyň ýerine Unisoc Tiger T618 prosessor bilen işleýän smartfon, mobil maglumat ulanyjylaryna diňe 4G tizligini hödürläp biler.

ZTE Axon 20 4G smartfonynda 5G görnüşindäki ýaly ekranda oturdylan öň kamera bar.

ZTE Axon 20 4G smartfony şu aşakdaky tehniki aýratynlyklara eýedir:

• Prosessor: Unisoc Tiger T618 • RAM göteriji: 6 GB • Maglumat saklaýjy ýat: 128 GB • Ekran: 6.92 dýuým Full HD+ OLED • Yzky kamera: 64 MP + 8 MP + 2 MP + 2 MP • Öňki kamera: 32 MP • Batareýa: 4.220 mAh

Ýene degişli makalalar

Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy
Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
Ýuka hem çeýe smartfon öndürer
Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy