Ilkinji zenan Baş sekretar

Argentinaly professor, hanym Selesta Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni eýelän ilkinji zenandyr. Bu barada BMG-niň Habarlar merkezi habar berýär.

2014-nji ýyldan bäri Argentinanyň Milli meteorologiýa gullugynyň müdiri wezipesini eýeleýän hanym Saulo häzirki wagtda BMG-niň birinji wise-prezidentidir. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipesine girişer we bu wezipede iki möhlet işlän professor Petteri Taalasyň ýerine geçer.

Saulo dört ýyldan bir gezek guralýan BMG-niň ýokary direktiw organy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Kongressiniň wekilleriniň sesleriniň üçden iki bölegini alandan soň bellendi.

Professor Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylyň iýun aýynda ol bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy saýlandy. 2018-nji ýylyň aprel aýynda guramanyň wise-prezidenti, 2019-njy ýylyň iýun aýynda birinji wise-prezidenti saýlanyp, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal boldy.

Ondan öň Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň dürli ylmy hünärmen toparlarynyň agzasy boldy.Saulo 60-dan gowrak ylmy makalalaryň we kitaplaryň awtory ýa-da awtordaşydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň Prezidentiniň inaugurasiýasyna gatnaşdy
NATO-nyň Baş sekretary Türkiýäniň aladalaryny göz öňünde tutmalydyklaryny beýan etdi
Stoltenberg Türkiýäniň Kanuny Aladalarynyň Girilmäge Çalyşylýandygyny Aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýanyň Liderini gutlady
Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Şwesiýa NATO-nyň içinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmak isleýär