Ilon Mask bir günde 32 milliard dollar gazandy

Ilon Mask bir günde 32 milliard dollar gazandy

Forbes Real-Time-niň hakyky wagtda täzelenilip durulýan milliarderleriň sanawynda Maskyň baýlygynyň bir gije-gündiziň dowanynda 32,6 milliard dollar köpelendigi we jemi 304,2 milliard dollara barabar bolandygy barada maglumat bar. Şeýlelikde, dünýä reýtinginde ol liderligi saklap galmagy dowam etdirýär. Bu barada Russiýanyň Новости habarlar agentligine salgylanmak bilen mail.ru ýazýar.

2021-nji ýylyň noýabrynda Tesla-nyň aksiýasy özüniň taryhy rekordyny täzeledi we Mask adamzadyň taryhynda baýlygy 300 milliard dollara ýeten birinji adam boldy.

Geçen ýylyň oktýabrynda ol 257,6 milliard dollara barabar baýlygy bilen, Forbes-iň hasap ýöreden ýyllarynyň ähli döwründe iň baý adam boldy. Oňa çenli Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezos iň baý adam hasap edilýärdi. Onuň baýlygy şonda 212 milliard dollara ýetipdi.

Ýene degişli makalalar

Üç ýyl bäri yzygiderli baý
Baýlygy 600 milliarddan geçdi
Maskyň baýlygy 700 milliard dollardan geçdi
Mask Osloda geçjek işewürlik agşamlygyndan ýüz öwürdi
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy