Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Bill Geýtsden öňe geçdi

Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Bill Geýtsden öňe geçdi

Bloomberg agentligi tarapyndan düzülýän Bloomberg Billionaries Index-iň maglumatlaryna görä, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Bu barada REGNUM habarlar agentligi habar berýär.

Fond söwdasynda Tesla paýnamalarynyň ösmegi netijesinde Maskyň baýlygy 7,2 milliard dollar artyp, 127,9 milliard dollara ýetdi, bu hem oňa 127,7 milliard dollar baýlygy bilen sanawyň ikinji ornunda ýerleşen Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýtsden öňe geçmäge mümkinçilik berdi.

Soňky bir ýylyň içinde Maskyň baýlygy 100,3 milliard dollar ýokarlandy we bu rekord derejeli ýyllyk ösüşi boldy.Bloomberg-iň hasaby boýunça, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär, onuň baýlygy 182 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň bäşligine Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýasynyň prezidenti Bernar Arno we bäşinji orny eýelän Facebook-y esaslandyryjy Mark Sukerberg hem girýär. 23-nji noýabrda amerikan elektrokar öndürijisi Tesla-nyň paýnamalary söwdanyň dowamynda baha rekordyny täzeledi.

Bir paýnamanyň bahasy söwdanyň ýapylyşynyň anna günündäki derejesine 7 göterim goşup, 524,96 dollara çenli ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
“Twitter”-iň mahabat girdejisi azalýar
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy