Immuniteti ýokarlandyrýan önümler

Immuniteti ýokarlandyrýan önümler

Tomus — ter miwelerdir gök-önümleriň, ir-iýmişleriň pasly. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin olary gündelik iýmitleriň sanawyna goşmaly. Bu barada lukman-dietolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Darýa Usakowanyň sözlerine salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

Onuň sözlerine görä, şu aşakdaky önümler witaminlerdir antioksidantlara, iýmit süýümlerine baý bolup, olar içegäniň sagdynlygyny üpjün edýär.Ol saglyk üçin iň peýdaly önümleriň birnäçesiniň adyny getirdi: ter sogan, pomidor, nar, erik, şetdaly we çereşnýa.

Rusakowa immunitet üçin tomusdaky ýaly peýdaly önümleriň tutuş ýylyň dowamynda gabat gelmeýändigini nygtap, şonuň üçin her günde azyndan 400-500 gram ter miweleri we gök-önümleri iýmegi maslahat berýär. Şonuň bilen birlikde, olaryň möwsümleýin önümler bolmagy hem zerur.

Dietolog sarymsagyň peýdasy barada aýratyn durup geçdi.Onda antibakterial effektli serişdeler saklanýar we immunitetiň işjeňligini kadalaşdyrýar. Şeýle hem ol balygy, ýagsyz eti, süýt we süýt önümlerini iýmegi hem unutmazlygy ýatlatdy.

Bu önümler adamyň immun ulgamyny zerur bolan beloklar bilen üpjün edýär.Lukmanyň sözlerine görä, sagdyn bolmak üçin diňe iýmit önümlerine bil baglamak hem ýeterlik däl.Immunitetiň kadaly bolmagy üçin sagdyn ukynyň we fiziki işjeňligiň hem täsiri uludyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly türgen gyz suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda iki medal gazandy
Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Daşkentde 7 medal gazandylar
Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar
Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar
Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly türgenler sylaglanyldy
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna kesgitlenen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň düzümini tassyklady