Türkmenistanly türgen gyz suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda iki medal gazandy

Türkmenistanly türgen gyz suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda iki medal gazandy

12 ― 17-nji aprel aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda biziň ýurdumyza türgen gyz Darýa Semýonowa hem wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Biziň ildeşimiz ýaryşda medallaryň ikisini gazandy. 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşa ýeke-täk türgen bolup gatnaşan Darýa Semýonowa bu aralygy 2 minut 28,84 sekuntda geçip, altyn medalyň eýesi boldy. Şu aralyga brass usulynda ýüzüşde bolsa ol hindistanly Arore Çahatdan yza galdy.

Diňe iki türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda 18 ýaşly ildeşimiz 1 minut 17,67 sekuntlyk netije görkezdi.Bu netije bilen ol kümüş medala mynasyp boldy.

Özbegistanyň açyk çempionatynda gazanylan netije türgen gyza Olimpiýa oýunlaryna hem-de Abu-Dabide we Fukukoda geçiriljek ýaryşlar üçin möhüm utuklary gazandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Daşkentde 7 medal gazandylar
Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar
Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar
Immuniteti ýokarlandyrýan önümler
Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly türgenler sylaglanyldy
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna kesgitlenen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň düzümini tassyklady