Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar

Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar

Aprel aýynyň 12-17 aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda Türkmen suwda ýüzüjileri 7 sany dürli derejedäki medallary gazandylar we 5 sany milli rekortrlaryny goýdylar.

Suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionaty Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna, şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerde (BAE) geçiriljek 25 metr aralygy boýunça we Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçiriljek suwda ýüzmegiň görnüşleri boýunça Dünýä çempionatlaryna hukuk berýän saýlama ýaryş bolup dürýar. Ýaryşa Owganystan, Hindistan, Özbegistan we Türkmenistan dowletlerinden 160-dan gowragy türgenler gatnaşdylar.

25 ýaşly Türkmen türgen Merdan Ataýew 3 medaly gazandy, olar 200 metr arkanlygyna ýüzmek boýunça bir altyn medaly (2 minut 11,10 sekunt), we iki kümüş medaly 50 metre (26,11) we 100 metre (54,91) aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça. Şeýlelikde 100 metr aralykdaky arkanlygyna ýüzmekde görkezilen netije Türkmenistanyň täze rekordy boldy.

Bir altyn we bir kümüş medaly Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Darýa Semýonowa gazandy. 18 ýaşly sport ussady Darýa Semýonowa altyn medalyny 200 metr aralyga Türkmenistanyň täze rokordy bilen (2 minut 28,84 sekunt) toplumlaýyn ýüzmekde we kümüş medalyny 100 metre (1 minut 17,67 sekunt) aralyga bras ýüzmekde gazandy. Şeýle hem Darýa 50 metre aralyga deslapky baterflýaý ýüzmekde ene bir milli rekordyny goýmaga başardy (30,00 sekunt).

Iki bürünç medalyna Aşgabat şäheriniň18-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Musa Žalaýew mynasyp boldy.Bu netijesini 18 ýaşly sport ussady Musa Žalaýew arkanlygyna ýüzmek boýunça 50 metr aralykda (27,37 sekunt) we erkin görnüşde 800 metr aralykda (9 minut 19,15 sekunt) görkezdi. Şeýle hem Musa 50 metre aralyga finalda baterflýaý ýüzmekde ene bir milli rekordyny goýmaga başardy (25,50 sekunt).

Baýrakly ornunlara eýe bolan biziň türgenlerimiziň üçüsi ýokary sport ussatlygyň mekdebiniň şägirtleri. Merdan Ataýew we Darýa Semýonowa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar we Musa Žalaýew bolsa tälimçi Dmitriý Nowikowda tälim alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly türgen gyz suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda iki medal gazandy
Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Daşkentde 7 medal gazandylar
Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda 7 medal gazanyp 5 sany milli rekortlaryny goýdylar
Immuniteti ýokarlandyrýan önümler
Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly türgenler sylaglanyldy
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna kesgitlenen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň düzümini tassyklady