Iň elýeterli we iň gymmat interneti bolan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Iň elýeterli we iň gymmat interneti bolan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Surfshark VPN serwisiniň hünärmenleri iň elýeterli we iň gymmat interneti bolan ýurtlaryň reýtingini düzdüler. Hünärmenler giň zolakly we mobil internet üçin iň arzan nyrhlaryň we ýurtdaky ortaça sagatlaýyn aýlyk hakynyň gatnaşygyny ölçediler. Bu barada incrussia.ru habar berýär.

Gözlege görä, iň elýeterli öý interneti Ermenistanda we Ysraýylda bolup, ony tölemek üçin, degişlilikde, 18 we 19 minut işlemeli.Iň arzan mobil interneti Ysraýylda bolup, ony tölemek üçin 5 sekunt işlemek gerek.

Tutuş dünýä boýunça ortaça görkezijiler, degişlilikde, 6 sagat 31 minut we 13 minut 8 sekuntdyr.Reýtingiň aşaky setirinde Kot-d’Iwuar ýerleşdi.Afrikanyň bu ýurdunda internet dünýäde iň gymmady bolup, oňa elýeterli bolmak örän kyn.

Iň arzan öý internetiniň nyrhyny tölemek üçin 65 sagat 33 minut işlemeli bolýar.Mobil internet birneme arzan düşýär 59 minut 30 sekunt.Umuman, soňky ýyl dünýäde öý internetine elýeterlilik birneme peseldi (ortaça 6 minut köp işlemeli), mobil internetine elýeterlilik, tersine, ýokarlandy (2 minut az işlemeli).

Ericsson şwed kompaniýasynyň analitikleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli mobil internetini ulanyjylar aýda 15 Gb trafik sarp ederler diýip hasaplaýarlar. Ösüşiň sebäpleri 5G ulgamynyň ýaýramagy we wideo mazmunyň köpelmegi boldy.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy
Russiýanyň Guran Soňky Hüjüminde 1 Adam Ýogaldy
Hytaýda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 33 Adama Ýetdi
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy
DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR