Iň köp hak töleýän klublar

Dünýäde milliardlarça adamynyň ünsüni özünde jemleýän futbolyň ykdysadyýeti gün saýyn ösýär. Şoňa görä-de, oýunçylara tölenýän aýlyk haklary yzygiderlilikde ýokarlanýar.Soňky hasabatlara seredenimizde, tamamlanyp barýan 2018-nji ýylda futbolçylaryna iň köp aýlyk töleýän klub “Barselona” boldy.

Katalonlar ortaça ýyllyk 13 million 755 müň 714 dollar bilen sanawda 1-nji orny eýeledi.Bu görkeziji rekorda deň bolup, geçen ýyl 4-nji bolan “Barselonanyň” hepdelik töleýän aýlyk haklary-da ortaça 264 müň 533 dollardyr.

Toparyň 1-nji orny eýelemeginde super ýyldyz Lionel Messiniň täzelikde baglaşan şertnamasynyň goşandy uludyr.Messiden başga-da Koutinio, Widal, Artur Melo, Malkolm ýaly täze oýunçylar hem-de Pike, Umtiti, Buskets, Roberto dagy bilenem golaýda has gowulandyrylan şertnama baglaşylmagy “Barselonanyň” sanawyň 1-nji ornuna geçmeginiň esasy sebäbidir. “Barselonadan” soň, sanawda 2-nji orna onuň ezeli bäsdeşi “Real Madrid” mynasyp boldy.

Madridlileriň oýunçylaryna ýyllyk töleýän haky ortaça 10,6 million dollara deňdir.Bu arzyly sanawyň 3-njilik basgançagynda geçen ýylyň 1-njisi NBA-nyň basketbol topary “Oklahoma Siti Tander” klubunyň ady bar.

Amerikan basketbol topary öz oýunçylaryna 2018-nji ýyl üçin ortaça 10,33 million dollar tölär. Şeýle-de 48-nji aralykdaky orunlary-da NBA-nyň basketbol klublary eýeleýärler. 9-njy ýerde “Ýuwentus”, 10-njy basgançakda-da “Mançester Ýunaýted” futbol klublary bolup, olar ilkinji onlugy jemleýärler.

Ýene degişli makalalar

Sport täzelikleri
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Ronaldu 2020-nji ýylyň “Altyn aýak” baýragyny aldy
Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy
Ronaldu - 2020-nji ýylyň "Altyn aýagy"
Lebron Jeýms NBA-nyň taryhynda iň köp utuk gazanan oýunçy boldy