Iň kuwwatly traktorlar

Oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri bolup, olar ekerançylykda hasyl ýygnamakda we ýerleri ekişe taýýarlamakda daýhanlara kömekçi bolup hyzmat edýär. Traktorlar, esasan, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda ulanylýar. Gazetimiziň şu sanynda ägirt uly we kuwwatly traktorlaryň käbir görnüşleri baradaky maglumaty size hödürleýäris.

Big Bud 16V-747: uzynlygy 8,5 metre, ini 6 metre ýetýän bu traktoryň kuwwaty 1100 at güýjüne barabar. 16 silindrli, 2 tizlik geçirijili hereketlendirijisi bolan traktoryň dizel motorynyň göwrümi 4000 litr, gidrawlik tankynyň göwrümi 600 litr.

Agramy 60 tonna bolan dünýäniň iň uly traktory Big Bud 16V-747 1977-nji ýylda ABŞ-nyň günbatar sebitindäki Montana ştatynyň Gawr şäherçesinde işlenip düzülýär.Oba hojalygynda ulanmaga niýetlenen bu traktor görkezijileri babatda dünýädäki iň uly traktorlaryň köpüsinden, takmynan, iki esse uludyr.

Bu traktor 14 müň gektardan gowrak meýdany bolan Semenza fermasynyň ýolbaşçysy Leonard M.Semenza tarapyndan satyn alynýar.Traktoryň mundan öňki nusgasy bolsa, 1968-nji ýylda öndürilýär.Bu tehnika Kaliforniýanyň Bakersfild-yň pagtaçy hojalygy üçin ýasalýar. Ýeri çuň sürmek üçin işlenip düzülen bu tehnika on bir ýyl ulanylandan soňra Florida ştatynyň Indianlantik şäherçesiniň Willowbruk fermalary tarapyndan satyn alynýar.

Birnäçe wagt ulanylandan soň, 1997-nji ýylda Big Sandy şäherçesiniň telekeçileri Robert we Randy Williams tarapyndan satyn alynýar.Bu traktor 2013-nji ýylda Aýowa ştatynyň Klarion şäherindäki Heartland muzeýine ýerleşdirilýär.

traktor çendenaşa uly bolansoň, muzeýde bu tehnika üçin aýratyn bina gurulmaly bolýar. 2020-nji ýylda bolsa Williams Brothers tarapyndan gaýtadan satyn alnyp, sekiz metrlik Goodyear LSW1400/30r46 tigirleri oturdylan täze görnüşi öndürilip başlanýar.

Big Roy: 8-WD Model 1080: Bu äpet oba hojalyk tehnikasy 1977-nji ýylda Kanadanyň Manitoba şäherinde Versatile kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.Bu traktor, esasan, Awstraliýadaky giň ekin meýdanlarynda ulanmak maksady bilen öndürilýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Roý Robinsonyň teklibi bilen 8 tigirli, agramy 26 tonna barabar traktor döredilýär.Traktor 120 dereje aralygy görýän kamera bilen üpjün edilýär.Kameranyň alýan şekilini kabinanyň içindäki monitorda görüp bolýar.

Traktor 2000 litr dizel ýangyjyny saklamaga ukyply bolup, 6 silindrli 600 at güýji bolan turbo görnüşli Cummins KTA1150-600 dizel motory bilen işleýär.Göwrümi 19 litr bolan motor traktoryň yz tarapyna oturdylypdyr.

Tehnikanyň alty basgançakly tizlik geçiriji gutusy bar. Äpet hereketlendirijini sowatmak üçin jemi göwrümi 159 litr, diametri 28 dýuým (710 mm) bolan 2 mehaniki radiator göz öňünde tutulypdyr. 8 tigirli traktora kompaniýanyň ýolbaşçysynyň hormatyna onuň ady dakylypdyr.

Upton HT14 / 350 2WD: 1978-nji ýylda Awstraliýanyň Upton kompaniýasy tarapyndan diňe bir sanysy öndürilen bu traktor Cummins 2WD hereketlendirijisi bilen işleýär. Agramy 25 tonna barabar bolan traktoryň kuwwaty 350 at güýjüne barabar. Traktor iki bölekden ybarat bolup, öň tarapy goşa tigirli iň gowy traktor hasaplanýar.

The post Iň kuwwatly traktorlar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda emeli aň oba hojalygy ösdürmäge kömek edýär
Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy
Traktor Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji oýnuny 22-nji awgustda geçirer
Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi
Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi
Türkmenistan Belarusiýadan we Türkiýeden öz raýatlaryny alyp gaýtmagy meýilleşdirýär, bilim hakynda resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy üýtgedildi, Türkmenawtoulaglary agentligi IT tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaş gözleýär
Türkmenistanda agyz suwunyň uly ýatagy tapyldy, ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlandy, Aşgabatdan Moskwa ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy: geçen günleriň esasy wakalary