Ispaniýada golaý aralyga howa gatnawlary ýatyrylar

Ispaniýada golaý aralyga howa gatnawlary ýatyrylar

Ispaniýanyň parlamenti ýolagçy otly gatnawynyň wagty 2,5 sagatdan geçmeýän gysga aralyga amala aşyrylýan içerki howa gatnawlaryny ýatyrmak bilen bagly kanunyň taslamasyny taýýarlaýar. Bu barada euro-pulse.ru saýty habar berýär.

Ýatyryljak howa gatnaw ugurlarynyň sanawy heniz yglan edilmedi, ýöne Madridden Barselona, Alikantä, Malaga, Pamplona, Santýago de Kompostela hem-de Walensiýa guralýan uçuşlaryň, şeýle hem Barselona bilen Walensiýanyň arasyndaky gatnawyň ýatyrylmagy örän mümkin hasaplanylýar.

Munda halkara ugurlaryň bir bölegi bolan uçuşlary birikdirmek hasaba alynmaýar.

Ispaniýa näme üçin beýle ädim ädýärkä? Munuň ýönekeý jogaby bar: daşky gurşawyň abadançylygyny goldamak. Ýewropanyň daşky gurşawy goramak gullugynyň (EEA) hasabatyna görä, otly bilen syýahat etmek uçuşdan 5 esse ekologiýa taýdan arassadyr.

Mysal üçin: Eger Madrid — Barselona howa gatnaw ugruna gidýän syýahatçylaryň ählisi uçaryň ýerine otlyny saýlasa, parnik gazlarynyň zyňyndylary iki esse, ýagny 54-den 27 müň tonna çenli iki esse azalar.

Ýewropa ýaşyl ulaglar ýörelgesi ugrunda işjeň göreşýär. Bu babatda Fransiýa eýýäm gysga we orta aralyk içerki howa gatnawlaryny ýatyrdy.

Ýene degişli makalalar

4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Sewilýa” “Real Madridiň” ýyldyzyny düzümine goşdy
Ispaniýanyň Malaga şäheriniň polisiýasy robot-iti synagdan geçirýär
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
UEFA Çempionlar ligasy
“Barselonanyň” 25-nji, “Seltigiň” 49-njy çempionlygy