It eýesini derman we ýahdandan suw getirip halas etdi

It eýesini derman we ýahdandan suw getirip halas etdi

ABŞ-da it öz eýesiniň janyny halas etdi. Keti Grem atly gyz ýüregiň birdenkä çalt urmasyndan ejir çekýär.

Bu keseli sebäpli Jorjiýa ştatynyň 24 ýaşly ýaşaýjysy wagtal-wagtal ýadawlyk we güýçli baş aýlanmany başdan geçirýär, ol kähalatda huşundan hem gidýär. Şeýle pursatlara oňa derman içmek gerek, emma tutgaýyň garaşylman durka ýüze çykýandygy sebäpli ol hemişe derman içmäge ýetişmeýär.

Hernä gyza onuň awstraliýa owçarkasy tohumyndan bolan Beýli atly iti kömege ýetişýär. Oňa Ketiniň tutgaýynyň döräp biljekdigini öňünden duýmagy öwretdiler. Internetde Beýliniň şeýle pursatda çalt ylgap ýahdandan sowuk suwly çüýşäni hem-de derman gerdejiklerini alyp gelşiniň wideoşekilleri ýerleşdirildi. Ol çüýşänidir dermany dişleri bilen tutup, Ketä berýär.

Ketiniň aýtmagyna görä, Beýli oňa özüni hemişe howpsuz ýagdaýdadygyny, itiniň kömege ýetişjekdigini duýmaga kömek edýär diýip, The Daily Mail neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Italiýada mafiýanyň lideri göz tussaglygyna alyndy
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler
Dünýä ýurtlary Türkiyä kömek ugratmaga dowam edýär