Italiýadaky obada 30 ýylda ilkinji bäbek dünýä indi

Italiýadaky obada 30 ýylda ilkinji bäbek dünýä indi

Italiýanyň Emiliýa-Romanýa sebitindäki daglyk Tissola obasynda 30-dan hem az adam ýaşaýar, ol ýerde 1993-nji ýyldan bäri ilkinji bäbek dünýä indi.

Simona Albertini bilen Tomas Riçeldiniň maşgalasynda oglanjyk dünýä indi, jübütler Tissola mundan ýedi ýyl öň göçüp geldi. Bäbegiň ejesi hünärmentleriň bileleşiginde işleýär, kakasy daş ussasy. Olar ilkinji bäbeklerine Aksel diýip at dakdylar. Simona obada dermanhananyň, lukmanyň bardygy üçin ogullaryny bu ýerde ösdürip ýetişdirmekçidiklerini gürrüň berýär.

Oglanjyk doglandan soňra Tissola obasynyň ilaty 26 adama ýetdi, obada, esasan, gartaşan adamlar ýaşaýar diýip, Il Resto del Carlino gazetine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
Ýylyň garaşylýan filmleri
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Maradona. Messi. Mundial
Messi DÇ-2022-niň iň gowy oýunçysy boldy