Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar ederler

Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar ederler

Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary daşary syýasy edaralaryň arasyndaky geňeşmeleri geçirmek maksady bilen ýakyn wagtda Aşgabada sapar bilen gelerler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Edmondo Çiriýelli çarşenbe güni Rim şäherinde ýokary derejeli italýan wekiliýetiniň türkmen paýtagtyna amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmek boýunça meseleleri maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmek we ylmy, medeni, söwda-ykdysady ulgamlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça anyk çäreleri nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda 2024-nji ýylyň dekabrynyň başynda bilim, saglygy goraýyş, energetika we durnukly ösüş ulgamlarynda italýan hünärmenlerinden ybarat wekilçilikli toparyň türkmen paýtagtyna sapar bilen barjakdygy bellenildi. Saparyň maksady şu ýylyň maý aýynda Rim şäherinde geçirilen “Italiýa Merkezi Aziýa” duşuşygynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy