Italiýanyň häkimiýetleri Apple-e we Amazon-a 203 million ýewro jerime saldy

Italiýanyň häkimiýetleri Apple-e we Amazon-a 203 million ýewro jerime saldy

Italiýanyň bäsdeşligi goramak boýunça agentligi (AGGM) Apple we Amazon kompaniýalaryna jemi 203 million ýewro jerime saldy. Bu barada Euronews habar berdi.

Jerime Amazon-yň Italiýadaky söwda giňişligi bolan Amazon.it-de Apple-iň önümleri satylanda bäsdeşligiň çäklendirilendigi üçin salyndy. Monopoliýa garşy häkimiýetler 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Amazon bilen Apple-iň arasynda Apple-iň we onuň eýeçiligindäki Beats-iň önümleriniň satyjylary üçin italiýan Amazon-ynda söwda etmek gadagan edilýän şertnama gol çekilendigini aýtdy.

Bellenilmegine görä, şertnamanyň şertleriniň biri italiýan Amazon-ynda Apple-iň we Beats-iň önümlerini satyp bilýän taraplaryň mukdarynyň çäkli bolmagydyr. Şeýlelik bilen, Italiýanyň monopoliýa garşy edaralarynyň pikiriçe, "satyjylara geografiki ýerleşişine görä diskriminasiýa" edildi.

Italiýanyň bäsdeşligi goramak boýunça agentligi Amazon-a 68,7 million ýewro, Apple-e bolsa 134,5 million ýewro jerime saldy we ähli satyjylar üçin deň ygtyýarlylygy üpjün edip, ýüze çykarylan çäklendirmeleri aýyrmagy buýurdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Amazon dünýäniň iň gymmat haryt nyşany boldy
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi