Iwan Danilýans Gurban Berdiýewiň kömekçisi boldy

Iwan Danilýans Gurban Berdiýewiň kömekçisi boldy

Iwan Danilýans Kaýratyň baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň kömekçisi boldy. Bu barada Almaty şäheriniň toparynyň resmi saýty habar berdi.

Gara-aklaryň uly maşgalasy Iwan Albertowiçe uly üstünlikleri arzuw edýär! diýip, bu barada Kaýratyň metbugat gullugy ýazdy.

68 ýaşly Danilýansyň uzak ýyllaryň dowamynda Rostowda we Rubinde Gurban Berdiýew bilen bile işleşendigini ýatladýarys. Ol 2020-nji ýyldan bäri Moldowanyň Futbol federasiýasynyň sport direktory bolup işleýärdi.

Iwan Danilýansyň 1953-nji ýylda Aşgabatda doglandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Kaýrat Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady
Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy