Iýul aýynda Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler

Iýul aýynda Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler

18-19-njy iýulda Aşgabatda halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ösüşine we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara ulag-logistika pudagynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşarlar. Oňa Zoom Professional platformasynda onlaýn usulda hem gatnaşmaga mümkinçilik dörediler. Bu halkara maslahata hem-de onuň çäklerinde guraljak işewürlik duşuşyklaryna gatnaşmak halkara ýük daşamalar ulgamyndaky maýa goýum mümkinçilikleri, bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşmaga amatly şertleri döreder.

Ýene degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Gyzykly hepdelik
Alem Sport dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ylgaw enjamlaryny hödürleýär
Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy
Täze möwsüme -3 utuk bilen başlar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy