Jastin bu gezek Dastini ýeňmegi başardy

Garyşyk söweş sungaty boýunça “UFC 291” geçirilen tutluşykda iki amerikaly ussat Jastin Geýji bilen Dastin Porýe duşuşdy. Ýuta ştatynda geçirilen MMA agşamynyň merkezi duşuşygynda Jastin Geýji Dastin Porýeni 2-nji raundda nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Kellä urgudan soň 2-nji raundyň 1-nji minutynda duşuşyk saklandy we Geýji ýeňiji diýlip yglan edildi.Bu onuň karýerasyndaky 29-njy duşuşygy bolup, ol şolarda 20-si nokaut 25 gezek ýeňiş gazandy.

Geýji 4 duşuşykda-da asgyn geldi.Onuň ýeňlişleriniň biri 2018-nji ýylda Porýe bilen geçiren tutluşygynda hasaba alnypdy. 34 ýaşyndaky türgen bu gezek garşydaşyny ýeňmegiň hötdesinden geldi.Geýji bilen ýaşytdaş bolan Porýe karýerasyndaky 38-nji duşuşygynda 8-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Onuň 14-si nokaut bilen, jemi 29 ýeňşi bar.

Ýene degişli makalalar

Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna girizildi
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GURLUŞLAÝYN DIALOG ÖZ IŞINI DOWAM ETDI