Jeff Bezos 5-nji iýulda Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider

Jeff Bezos 5-nji iýulda Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos kompaniýanyň paýdarlarynyň ýyllyk ýygnagynda 5-nji iýulda baş direktor wezipesinden gitjekdigini aýtdy. Bu barada Day.Az habar berýär.

Fewral aýynyň başynda Bezosyň 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitjekdigi we kompaniýanyň müdirler geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesine geçjekdigi belli boldy.Täze baş direktor Web Services bölüminiň ýolbaşçysy Endi Jessi bolar.

Bezos klimat üýtgemelerine garşy göreşmek üçin Bezos Earth Fund taslamasyna, Blue Origin kosmos kompaniýasyna, şeýle-de “The Washington Post” neşirýat öýüne we “Amazon Day 1 Fund” haýyr-sahawat gaznasyna köp üns berjekdigini aýtdy.

Jeff Bezos Amazon kompaniýasyny 1994-nji ýylda esaslandyrmak bilen, saýty onlaýn kitap dükanyndan dünýäniň ähli ýerine harytlaryny iberýän iň uly onlaýn satyja öwürdi.Bezosyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň başynda kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy 1 trillion dollardan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy
“Amazon”-yň täze hyzmatlary
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Mask ýene-de baý boldy