Jokowiç ATP-niň Jemleýji ýaryşynda 40-njy ýeňşini gazandy

Jokowiç ATP-niň Jemleýji ýaryşynda 40-njy ýeňşini gazandy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ATP-niň Jemleýji ýaryşynda russiýaly Andreý Rublýowdan (6:3, 6:2) üstün çykdy. Bu onuň ýaryşyň taryhyndaky 40-njy ýeňşi boldy diýip, sport-express.ru habar berdi.

Bu ýeňşiň netijesinde Jokowiç ýaryşyň ýarym finalyna çykdy. Ondan öň Russiýanyň wekili Daniil Medwedew hem ýarym finala çykmagy başarypdy. Toparçalaýyn ýaryşyň soňky oýnunda serbiýaly türgen tirseginiň şikesleri sebäpli ýaryşdan çekilen grek Stefanos Sisipasyň ornuny tutan iňlis Kameron Norri bilen bäsleşer. Ýeri gelende bellesek, 34 ýaşly Nowak Jokowiç ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň bäş gezek ýeňijisidir.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy