Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň çempiony boldy

Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň çempiony boldy

Birnäçe minut ozal tamamlanan Uimbldonyň erkekleriň arasyndaky ýekelikdäki final oýnunda dünýä reýtinginiň lideri Nowak Jokowiç awstraliýaly Nik Kirýosy 4-6, 6-3, 6-4, 7-6 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, baş baýraga eýe çykdy.

Bu ýeňiş serbiýaly tennisçi üçin karýerasyndaky uly tuwulga ýaryşlarynda öz peýdasyna tamamlanan 86-njy oýundyr. Şeýlelikde, uly tuwulgalaryň finalynda 32-nji gezek korta çykan Jokowiç bu babatda Rojer Federerden ozup, rekordy täzeledi.

Bu günki ýeňiş arkaly uly tuwulgalarda ýekelikdäki 21-nji kubogyny gazanan serbiýaly tennisçi Uimbldonda ýedinji gezek münberiň iň ýokarsyndan ýer alyp, bu ugurda erkekleriň arasyndaky öňdebaryjy Rojer Federer bilen tapawudy bir çempionlyga çenli gysgaltdy. Şeýle-de Uimbldondaky ýedinji çempionlyk arkaly Jokowiç karýerasyndaky gazanylan utuş pullarynyň mukdaryny 158,5 million amerikan dollaryna ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Jokowiç Federeriň rekordyny täzeledi
Nowak nobatdaky rekordy täzeledi
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
Alkaras Jokowiçiň rekordlaryna böwet boldy
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy