Jonni Depp bilen Ember Herdiň kazyýet işi hakynda film düşürdiler

Jonni Depp bilen Ember Herdiň kazyýet işi hakynda film düşürdiler

Aktýorlar Jonni Depp bilen Ember Herdiň arasyndaky kazyýet dawasy hakynda "Hot Take: The Depp/Heard Trial" atly film çykar. Bu barada TVLine habar berýär.

Deppiň keşbini Mark Gapka ("Jenaýatçy ýaly oýlanmak"), Herdiň keşbini bolsa Megan Dewis ("Saý ýerdäki iki gyz") janlandyrdy.Taslama 30-njy sentýabrda Fox Entertainment Tubi hyzmat akymynda çykar.Discovery+ amerikan striming hyzmatynda Depp bilen Herdiň arasyndaky kazyýet dawasy hakynda dokumental filmiň düşüriljekdigi öň mälim edilipdi. 1-nji iýunda Depp kazyýet dawasynda utdy.

Kazyýet oturdaşlary aktýoryň öňki aýalyny töhmet atmakda günäli diýip bildi.Ilkibaşda kazyýet aktýora 15 mln dollar tölemäge Herdi borçly etdi: 10 mln dollar möçberinde öweztölegi, şeýle hem 5 mln dollar möçberinde jerime belledi.

Jerimäni 350 müň dollara çenli kemeltdiler.Depp bilen Herd 2009-njy ýylda tanşypdylar we 2015-2016-njy ýyllarda nikada durdular.

Ýene degişli makalalar

Uýasy Jeremi Renneriň saglygy barada gürrüň berdi
Täze film
Ysraýyl ABŞ-dan 1 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Sorar
“Amazon” MGM studiýalaryny satyn alar
HP lazer printer işini satýar
Tramp Baýdeniň Russiýa we bosgunlar bilen bagly syýasatyny tankyt etdi