Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Al-Falih bilen duşuşyk geçirdi

Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Al-Falih bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Khalid A. Al-Falih bilen ykdysady gatnaşyklary has hem özgertjek ädimleri maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Khalid A. Al-Falih Stambulda duşuşyk geçirendigini beýan etdi.

Duşuşykda ykdysady gatnaşyklary has hem özgertjek ädimleri maslahatlaşandyklaryny aýdan Mehmet Fatih Kajyr: "Saud Arabystanynyň 2030 Maksatnamasy bilen Milli tehonolgiýa göçümimiziň kesişýän ugurlarynda ikitaraplaýyn häsýetdäki maýa goýumlarymyzyň artdyrylmagy, senagat pudaklarymyzyň integrasiýasy we sanly ykdysadyýet, telekeçilik we innowasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin işleşeris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TOGG-yň täze Sedan modeli "CES 2024"-de sergilener
Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi
Emeli Hemra Ýolagçylygy Yza Süýşürildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny