Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Türkiýäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjynyň emeli hemra ýolagçylygy başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjynyň SpcjeX bilen emeli hemra ýolagçylygynyň başlandygyny habar berýär.

“Watan” gazeti, “Kajyr: Ýerli älem gämisini gurup, kosmos bekedini açarys” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, “Gelejekte ýerli älem gämimiz bilen aýa hem çykarys. Milli raketa ulgamlarymyz bilen älem giňişligi ukybymyzy has-da kämilleşdireris we emeli hemra bekedimizi açarys” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan: Terroristan taslamalasyny bozduk” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, terrora garşy göreş meselesinde Türkiýäniň asla egilşik etmejekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.Erdogan “Tapawutly atlar dakyp olara goldaw berip, agzalaryna harby tälim berip ýarag bilen üpjün edip ekstremist guramasyna serhetlerimize “terroristan” gurdurmak islediler.

Serhetaşa operasiýalarymyz bilen arzuw hyýallaryny puja çykarandygymyz üçin ýurdumyzyň jerimesini çekmegi üçin synanşdylar.Emma asla egilşik etmeris” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Fidan: Howpsuzlygyna wehim salýan aslynda Ysraýyl däl” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümlerini howpsuzlyk bahanasy bilen legallaşdyrmaga çalyşmagynyň kabul edilmesizdigini nygtap, “Howpsuzlygyna wehim salýan aslynda Ysraýyl däl, tersine Palestina we tutuş sebit” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Sabah” gazeti, “Türkiýeden Yraga, Eýrana we Pakistana parasatlylyk çagyryşy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň, Eýranyň Yraga we Pakistana guran hüjümleri bilen dartgynlaşan wakalara alada bildirýändigini nygtap, dost we doganlyk 3 ýurda parasatlylyk çagyryşyny berendigini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ministr Mehmet Şimşek, Braziliýada Saparda Bolar