Emeli Hemra Ýolagçylygy Yza Süýşürildi

Emeli Hemra Ýolagçylygy Yza Süýşürildi

Senagat we Tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Türkiýäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy bilen emele hemra gitjek Ax-3 missiýasynyň bir gün yza süýşürlendigini mälim etdi.

Ministr Kajyr, sosial mediadan beren habarnamasynda, Türkiýäniň ilkinji ynsanly emeli hemra ýolagçylygynyň yza süýşürlendigini aýtdy.

Ministr Kajyr, “Ilkinji astronawtymyz Alper Gezerawjy bilen emeli hemra gitjek toparyň ýolagçylygy yza süýşürildi. Emeli hemra ýolagçylygynyň 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkiýe wagty bilen 00.49-da başlamagyna garaşylýar. Şol wagtda çenli ähli tehniki barlaglaryň tamamlanmagyna garaşylýar. Astronawtymyz Gezerawjynyň şol taryhy jogapkärçiligi üstünliki ýagdaýda amala aşyrmagy üçin sabyrsyzlyk bilen garaşmaga dowam ederis” diýdi.

SpaceX, sosial mediadan beren habarnamasynda, Halkara emeli hemra bekedine şu gün uçuryljak Ax-3 misiýasynyň ABŞ-nyň ýerli wagty bilen 18-nj ýanwara süýşürlendigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi
Türkiýäniň Ilkinji Astronawty Ankara Geldi
Prezident Erdogan ilkinji türk astronawt Alper Gezerawjyny kabul etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny