Prezident Erdogan ilkinji türk astronawt Alper Gezerawjyny kabul etdi

Prezident Erdogan ilkinji türk astronawt Alper Gezerawjyny kabul etdi

Prezident Erdogan Türkiyäniň ilkinji älem missiýasyny üstünlikli ýagdaýda tamamlap, paýtagt Ankara şäherine gaýdyp gelen Alper Gezerawjyny we onuň maşgalasyny Esenboga howa menzilinde kabul etdi.

Alper Gezerawjy älem giňişligine ýany bilen alyp giden we yzyna alyp gaýdan Türkiyäniň baýdagyny Prezident Erdogana sowgat etdi.

Prezident Erdogan Türkiyäniň baýdagyny uly sarpa bilen kabul etdi.

Duşuşyga Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdogan bilen birlikde, Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen TÜBITAK edarasynyň başlygy Hasan Mandal hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Ilkinji Astronawty Ankara Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny