Kanada, Ukraina Uçarmansyz Howa Ulagyny Berer

Kanada, Ukraina Uçarmansyz Howa Ulagyny Berer

Kanada, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina 800-den gowrak uçarmansyz howa ulagyny berjekdigini mälim etdi.

Kanadanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ukraina 800-den gowrak SkyRanger R70 kysymly uçarmansyz howa ulagynyň beriljekdigi nygtaldy.

Beýannamada, jemi gymmaty 70 million dollara barabar bolan uçarmansyz howa ulagynyň, Ukrainanyň goranyşyna uly goşant goşjakdygy ýatladyldy.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy üçin görkezme beripdi, şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

Putin, Ukrainanyň NATO agza bolmagynyň öňüni almagy maksat edinýändigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

“ F-16 Uçarlary Üçin Üçünji Ýurtlaryň Howa Menzilleri Ulanylan Halatynda Gaýtawul Görkezeris”
“Günbatar Däl, Eýsem Putin Gorkmaly”
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Belgiýa gitdi