Kanada Ysraýyla Ýarag Satuwyny Bes Eder

Kanada Ysraýyla Ýarag Satuwyny Bes Eder

Kanadanyň Daşary işler ministri Melani Žoly hökümetiň Ysraýyla ýarag satuwyny bes etjekdigini habar berdi.

“Toronto Star” gazetine beýannama beren Žoly, Awam Kamerasy tarapyndan Palestina hakynda kabul edilen teklibiň mejbur ediji däldigine garamazdan hökümetiň mundan beýläk “Ysraýyla ýarag eksportuny togtatjakdygyny” aýtdy.

Harby önümleriň we tehnologiýanyň eksporty boýunça rugsatlary tassyklamaga ýa-da olary bes etmäge ygtyýarly bolan ministr Žoly, edilen bu üýtgetmäniň “simwoliki bolmajakdygyny”, möhümdigini nygtady.

Üýtgetmeler girizilen teklipde; “Palestina döwletiniň ykrar edilmegi” diýilýän sözlem, “Palestina döwletiniň gurulmagynyň goldanmagy”, “Ysraýyla ýarag satuwy bilen bagly bölümdäki “saklanma” sözi bolsa “bes etmek ýa-da gadagan etmek” görnüşinde üýtgedildi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Žoly Ysraýyla harby enjam we tehnologiýa eksporty haky hakynda rugsatlary 8-nji ýanwardan başlap wagtlaýynça bes edipdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri İsrael Kats bolsa karar sebäpli Kanada reaksiýa bildirdi.

“Kanadanyň hökümetiniň garrylar, zenanlar we çagalar bilen bilelikde bigüna ysraýyllylara hem-de adamzada garşy elhenç jenaýatlar edýän Hamasyň ganhorlaryna garşy Ysraýylyň kanuny goranyş hukugy bökdeýän başlangyjy sebäpli gynanýaryn” diýen Kats; “Taryh, Kanadanyň eýeleýän pozisiýasyny berkden-berk derňär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýyl Bilen Söwda Gatnaşyklaryny Doly Bes Etdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Gazada meningit we gepatit-c başlandy
Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi
Ysraýyl 202 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri 200 gün bäri dowam edýär