Kanadadaky hüjümde ýogalan maşgala üçin hatyralama çäresi geçirildi

Kanadadaky hüjümde ýogalan maşgala üçin hatyralama çäresi geçirildi

London şäheriniň merkezindäki London Musulman metjidiniň howlusynda geçirilen hatyralama çäresi, Kanadanyň syýasatçylaryny bir ýere jemledi.

Hatyralama çäresine gatnaşan Türkiýäniň Toronto şäherindäki Baş konsuly Sinem Mingan, çäreden ozal duşuşyk geçiren Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gynanjyny ýetirdi.

Baş konsul Mingana çärede Türkiýäniň Tornoto şäherindäki konsullygynyň Din işler boýunça ateşesi Jihan Ýalçynkaýa ýoldaşlyk etdi.

Çärä Jastin Trýudo bilen birlikde, oppozisioner Konserwatiw partiýanyň lideri Erin O'Tul, Täze demokrat partiýanyň lideri Jagmit Singh, Ýaşyl partiýanyň lideri Annami Pol, Ontario ştatynyň Premýer ministri Dug Ford, federal we ştatyň hökümetinden köp sanda resmi, deputatlar we tapawutly dinleriň wekillerinden ybarat adamlar gatnaşdylar.

Premýer ministr Trýudo wakanyň terrorçylykly hüjümdigini beýan edip: "Üç nesiliň bir ýerde bolan bir maşgala, hak etmedik ýagdaýlarynda durmuşa gözlerini ýumdular. Ähli Kanada olaryň ýanynda. Bu ýurtda yslamafobiýa hakykatdyr, diskriminasiýa hakykatdyr. Ähli bu zatlara we terrora garşy ählimiz bilelikde ýok diýmelidiris" diýip belledi.

Kanadanyň Ontario ştatyna degişli London şäherinde 6-njy iýunda ulagyny ýanýodada ýöräp barýan adamlaryň üstüne süren Nataniel Weltman (20 ýaş), biri 15 ýaşynda gyz çaga bolmak bilen şol bir maşgaladan 4 adamyň ýogalmagyna we 9 ýaşyndaky bir erkek çaganyň agyr ýaralanmagyna sebäp boldy.

20 ýaşynda bolan Weltman wakanyň bolan ýerinden takmynan 6 km uzaklykda saklanyp, göz tussaglygyna alyndy.

Kazyýetiň öňüne çykarylan Weltman, 4 jenaýat we 1 jenaýata synanyşyk günälerinden aýyplanyp, tussaghana ugradyldy.

Ýene degişli makalalar

Kanada: "Russiýa konflikt gözleýär" diýdi
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Forsaž 10 režissýorsyz galdy
Kanada Ukraina Ýarag Kömegini Berdi
Kanada pes girdejili ýurtlara koronawirusa garşy sanjym üçin $175 mln berer
Ukrainanyň Prezidenti halka ýüzlenip çykyş etdi