UFC ýeňil agramda Oliweýra Getji titul söweşini tassyklady

UFC ýeňil agramda Oliweýra  Getji titul söweşini tassyklady

UFC-niň metbugat gullugy Twitterde UFC-niň guşagyna eýe bolan braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen öň wagtlaýyn titula eýe bolan 33 ýaşly amerikaly Jastin Getjiniň arasynda ýeňil agramda titul söweşiniň geçiriljekdigini resmi taýdan tassyklady. Söweş 8-nji maýa geçilýän gije Finiksdäki “Futprint-Sentr” stadionynda geçiriler.

Ýatlap geçsek, Oliweýra amerikaly Maýkl Çendleri ýeňip, russiýaly Habib Nurmagomedow tarapyndan boşadylan ýeňil agramda UFC-niň guşagyna eýe boldy. Çarlz soňky gezek ABŞ-nyň wekili Dastin Porýe bilen söweşdi.

Söweş UFC 269 turnirinde geçirildi we Oliweýranyň demikdiriji emel arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.Jastin Getji soňky gezek 2021-nji ýylyň noýabr aýynda söweşdi we UFC 268-iň esasy söweşleriniň birinde emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Maýkl Çendleri ýeňdi. Şeýle-de, şwesiýaly Hamzat Çimaýew bilen braziliýaly Gilbert Býornsiň arasyndaky söweşiň hem senesi belli boldy.

Duşuşyk 10-njy aprelde Jeksonwillde (ABŞ) UFC 273 turnirinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy