Kapitansyz gämi işe girizildi

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda özbaşdak hereket edýän, adam tarapyndan dolandyrylmaýan gämi işe girizildi.Emeli aň bilen gözegçilik edilýän ýolagçy gämisi elektrik energiýasy bilen işleýär.Arassa energiýa bilen işlemegi suw ulagyň howa ýetirýän zyýanyny azaldýar. Şeýle hem galmagalsyz bolmagy deňiz jandarlaryny hem birahat etmeýär.

Mälim bolşy ýaly, uly gämileriň hereketlendirijileriň sesi deňiz jandarlaryna oňaýsyz täsir edýär.Gäminiň beýleki suw ulaglary üçin hiç hili howp döretmeýändigi, emeli aňyň adama garanyňda, has az ýalňyşýandygy mälim edildi.

Awtonom hereket edýändigi üçin gämi has köp gatnaw edip bilýär.Gäminiň öndürijileri onuň bahasynyň 1,5 million ýewrodygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Nahiçewanda Bolan Partlamada 2 Adam Ýogaldy
Prezident Erdogan, Mesrur Barzanini Kabul Etdi
Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
Goranmak ministri 18-nji Mart Şehitler güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy
“ABŞ, Terror Guramasy PKK/ÝPG-ä Dikuçar Tälimini Berdimi?”
Moldowada Hökümete Garşy Ýöriş Geçirildi