Katar Ekwador: çempionatyň açylyş duşuşygy

Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan Katar 2022 Dünýä Kubogyna şu gün badalga berler. 28 günläp dowam etjek çempionatyň açylyş duşuşygynda Katar bilen Ekwadoryň ýygyndylary duşuşar.Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanjak duşuşyga italiýaly Daniele Orsato eminlik eder.

Bu onuň jürlewük çaljak ilkinji Dünýä Kubogy duşuşygy bolar.Duşuşyk Al Hor şäherindäki 60 müň orunlyk “Al Bayt” stadionynda oýnalar.

Iki topar mundan öň 3 gezek özara duşuşyk geçirdiler. Hersi 1 gezek ýeňiş gazanyp, 1 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy. Gollarda iki topar hem 6 gol geçirdi.

Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň açylyş oýunlarynda da soňky 4 çempionatda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. 2006-njy ýylda Germaniýa Kosta Rikadan 4-2 üstün çykypdy. 2014-nji ýylda Braziliýa Horwatiýany 3-1 hasabynda ýeňipdi.

Mundan öňki ýaryşda, ýagny Russiýa 2018-de ýer eýesi ruslar Saud Arabystanynyň ýygyndysyny 5-0 hasabynda ýeňip, çempionata taryhy hasap bilen başlapdylar. 2010-njy ýylda Afrikada geçirilen ýaryşda ýer eýeleri Günorta Afrikanyň ýygyndysy Meksika bilen 1-1 deňme-deň oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Ekwadoryň täze Prezidenti kasam kabul etdi
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
Ekwadoryň Prezidentligine Daniel Noboa saýlandy
Ekwador ýurduň iň ýaş Prezidentini saýlady
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi