Kazan howa menzili Aşgabat bilen uçuşlaryň täzeden başlanjakdygyny habar berdi

Kazan howa menzili Aşgabat bilen uçuşlaryň täzeden başlanjakdygyny habar berdi

Kazan howa menziliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Kazandan Aşgabat şäherine göni uçuşlar Türkmenistan awiakompaniýasy tarapyndan 1-nji fewralda gaýtadan dikeldilýär.

2023-nji ýylyň mart aýynda uçuşlar meýilnama boýunça hepdede 2 gezek amala aşyrylar:

Uçuşyň dowamlylygy üç ýarym sagatdyr. Her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär. Türkmenistanda wagt tapawudy Moskwa bilen iki sagatdyr. Uçuş tertibi üýtgedilip bilner.

Kazandaky petek satuw bölümi:

Iş wagty: duşenbe — anna, 09:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 12:00-dan 13:00-a çenli.

Aşgabat şäherine göni uçuşlaryň Russiýanyň iki şäherinden — Kazandan we Moskwadan amala aşyryljakdygyny ýatladýarys.

Şu wagta çenli Türkmenistan awiakompaniýasynyň Kazandan gaýdyp gelýän uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline gondy we Moskwadan uçan uçarlar bolsa Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde kabul edildi.

2022-nji ýylyň dekabryndan Türkmenistan awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurtdan (Germaniýa, öň Türkmenabat howa menziline gonan), Stambuldan (Türkiýe) we Dubaýdan (BAE) uçan uçarlary Aşgabat şäherine ugrukdyryldy. Ozal Türkmenistan awiakompaniýasynyň Dubaýdan gaýdan uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline, Stambuldan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwa we Kazan boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi